
Türkmenistanyň Tährandaky Ilçisi Ylýas Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Erkin ykdysady zolaklar boýunça Ýokary geňeşiniň Sekretariatynyň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň arasyndaky duşuşykda medeni we syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen anyk ylalaşyklara gelindi.
Taraplar iki döwletiň gadymdan gelýän taryhy we medeni umumylygyny belläp, ýurtlaryň arasyndaky 1000 kilometrden gowrak serhedi «dostluk serhedi» diýip atlandyrdylar. Şeýle hem Eýranyň erkin we aýratyn ykdysady zolaklarynyň (EYZ/AYZ) mümkinçiliklerinden gatnaşyklary berkitmekde netijeli peýdalanmagyň zerurlygy nygtaldy.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen şu ugurlar boýunça bilelikde iş alyp barmak boýunça ylalaşyldy: Türkmenistan bilen Eýranyň Kiş, Keşm adalary we Çabahar porty arasynda göni howa gatnawlaryny açmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek; Eýranyň EYZ-larynda myhmanhana we syýahatçylyk toplumlarynyň gurluşygyna gatnaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň saparyny guramak.

Eýran metbugatynyň habar bermegine görä, Eýranyň EYZ-larynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini internet giňişliginde giňden tanatmak maksady bilen, türkmen blogerleriniň we influýenserleriniň saparyny guramak meýilleşdirilýär.
Mundan daşary, sagaldyş syýahatçylygy boýunça mümkinçilikler hem-de Gündogaryň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugruna üns berip, bilelikdäki syýahatçylyk çärelerini geçirmek hem-de Eýranyň medeniýetini Türkmenistanda tanyşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Syýahatçylykdan başga-da, Türkmenistanyň maýa goýumlaryny Eýranyň erkin ykdysady zolagynda ösdürmek boýunça mümkinçilikleri öwrenmek we işjeňleşdirmek barada karar kabul edildi.
Duşuşyga wideoaragatnaşyk görnüşinde Inçe-Borun Erkin zolagynyň ýerine ýetiriji direktory hem gatnaşdy. Ol bu zolagyň iki ýurduň geografiki we medeni gatnaşygyndaky möhüm ornuna üns çekip, hyzmatdaşlygy dowam etmäge çagyrdy. Taraplar gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek üçin ýerine ýetiriji iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar.
ORIENT