
Noýabr aýynyň ilkinji günlerinde diýarymyzda “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, Halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Dünýäň Owazlary” atly baýramçylyk konserti geçirildi. Aşgabat şäherindäki türkmen milli medeniýet ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konserte Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew we Döwlet horunyň (çeper ýolbaşçysy Haýdar Eminow, dirižýory Perman Miriýew) gatnaşmagynda Bitaraplygymyzyň ilkinji günlerinde ýerine ýetiren Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Gülle, Bitarap Türkmenistan!” aýdymy bilen konsert başlandy.

Soňra dabaraly konsertiň dowamynda ýurgumyzda meşhur bolan şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň estrada we halklarynyň aýdymlary ýaňlandy. Türkmen we dünýä belli kinofilmerinden, multifilmlerden aýdylan aýdymlar konsertiň şowhununy hasda artdyrdy. Şeýle-de birnäçe aýdymly-tans kompozisiýalar görkezildi. Konsertiň üýtgeşik aýratynlyklarynyň biri – onda ýurdumyzyň belli artistleri bilen bir hatarda çagalar döredijilik toparlary hem üstünlikli çykyş etdiler.

Konsertiň ähli çykyşlary örän gyzykly bolup diňleýjiler aýdymçylar bilen birlikde ähli aýdymlara goşluşup aýtdylar. Türkmenistanyň halk artistleri Gülnar Nuryýewanyň we Myrat Baýramgeldiýewiň “Arşin mal alan” kinofilminden aýdyşygy ýerine ýetirdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy, kompozitor Kerim Jumagulyýewiň çeper ýolbaşçylygynda “Joşgun” atly a’kapella çagalar hor toparynyň ýerine ýetirmeginde iňlis “Baby Şark” aýdymy tomaşyçylaryň aýratyn ünsüni özüne çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet hory dürli dillerde ýaňlanan aýdymlar we orkestriň ýerine ýetirmegindäki şowhunly sazlar, “Meňli” tans toparynyň hem-de Nebitgaz toplumynyň “Ruhubelent” çagalar tans toparynyň tanslary tomaşaçylarda has-da täsir galdyrdy.

Konsertde Aşgabat şäherindäki 4-nji sungat mekdebiniň çagalar hor toparynyn (çeper ýolbaşçy Gülälek Baýrammyradowa) ýerine ýetirmeginde “Waka Waka” (This time for Afrika) ýaňlanan aýdym tomaşaçylaryň ýüzünde şatlyk duýgusyny has-da artdyrdy.

Konsertiň dowamynda ýurdumyzda başga-da birnäçe tanymal sungat işgärleri gatnaşdylar: Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa “Aşyr agaň hötjeklegi” kinofilminden “Owadan gözler”, “Türkmenistanyň Altyn asyry” Döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi Döwran Şammyýew Türkmenistanyň döwlet hory bilen bilelikde “Stand up” aýdymy, Döwlet horunyň Oglanlar kwarteti Ş. Bäşimowyň “Şirmaýy darak”, gruzin aýdymy “Gandagana” ýerine ýetirdiler.

Konsert Türkmenistanyň döwlet hory we ähli konserte gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly aýdymy bilen jemlendi.
