
Moskwadaky Döwlet Gündogar Muzeýinde Karl Faberže adyndaky Amaly-haşam sungaty kollejiniň talyplary tarapyndan döredilen awtorçylyk lybaslarynyň sergisi geçirildi. Bu görkeziliş Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň medeni däplerine bagyşlanan «Ak altyn. Sowet Gündogarynyň sungatynda pagta» atly sungat taslamasynyň çäginde guraldy.
Muzeýiň Telegram-ýaýlymynda geçirilen ses berişligiň netijeleri boýunça alty iň oňat lybas saýlanyp alyndy. Geljekki dizaýnerler ýarym ýyldan gowrak wagtdan bäri bu kolleksiýanyň üstünde işlediler. Şeýlelikde, kolleksiýa sebitiň halklarynyň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmegiň netijesi bolup, ony döwrebap görnüşde şöhlelendirdi.

Sergide türkmen nagyşlaryna esaslanýan eser aýratyn gyzyklanma döredip, tomaşaçylaryň we hünärmenleriň ünsüni özüne çekdi. Bu lybas kollej talyby Warwara Zotowa tarapyndan döredildi. Dizaýner milli geýime häzirki zaman öwüşginini bermek maksady bilen, adaty geometrik nagyşlara has akymyly şekiller berip, şol bir wagtda-da milli lybasyň giň biçüwde, asyl keşbini saklap galdyrdy. Ýumşak reňkleriň we minimalistik bezegleriň ulanylmagy lybasa häzirki zaman stilli görnüş berdi.

Türkmen nagyşlaryny öz eserinde ulanan Warwara Zotowa bu taslamanyň onuň Gündogar medeniýetine bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrandygyny hem-de örän möhüm amaly tejribeleri gazanmaga mümkinçilik berendigini belledi. Gündogar Muzeýiniň ýolbaşçylary kollej bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, şeýle taslamalaryň talyplaryň hünär başarnyklarynyň ösdürilmegine we her bir täsirli keşbiň özboluşlylygyny we ýokary ýerine ýetiriliş derejesini görkezmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

ORIENT