Türkmen mekdep okuwçylary 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Panama Respublikasynda geçirilen “Robotlaryň Olimpiadasynda” üstünlikli çykyş etdiler. Mekdep okuwçylarymyz “Skills Challenge”, ýagny robotlaryň ýekelikde özbaşdak işleri ýerine ýetirişi boýunça 1-nji derejeli diploma mynasyp bolmagy başardylar. Bu barada TBM habar berýär.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, toparyň taýýarlan roboty ýerine ýetirmeli işleri 50 sekundyň dowamynda doly ýerine ýetirip, jemi 54.6 bal toplamagy başardy. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýykda, ýaryşyň bu şerti boýunça 2-nji orna Ermenistan Respublikasynyň, 3-nji orna Hytaý Halk Respublikasynyň toparlary mynasyp boldular.
2017-nji ýyldan bäri geçirilýän robot tehnologiýasy boýunça “First Global Challenge 2025” halkara ýaryşyna 194 döwletiň 970-den gowrak ýaş inženerleri gatnaşdy. Ýaryşa ýurdumyzyň adyndan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary Çaryýew Ysmaýyl, Gylyçmuhammedow Emirhan, Çolukow Aznawur, Gulow Şirmuhammet, Orazgeldiýew Gurbangeldi dagylardan düzülen “Oguzrobot” topary wekilçilik etdi. Topara tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edip, okuwçylar birnäçe aýyň dowamynda bu halkara ýaryşa “Kämil bilim” okuw merkezinde doly taýýarlyk gördüler.
ORIENT
