
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň (AMYA) 80 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen dabaraly mejlise gatnaşdy. AMYA-nyň Prezidium binasynda geçirilen çäre Türkiýeden, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Wýetnamdan, Italiýadan, Bolgariýadan, Çernogoriýadan, şeýle hem halkara ylmy guramalardan gelen ylmy akademiki wekilleri birleşdirdi.
AMYA-nyň prezidenti, akademik Isa Gebibbeýli öz çykyşynda bu baýramçylyk duşuşygynyň halkara ylmy gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine hem-de täze hyzmatdaşlyk köprülerini gurmaga hyzmat etmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Prezidenti dabaranyň dowamynda Azerbaýjanly kärdeşlerini 80 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň tagallasy netijesinde ylym, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeýändigini aýtdy. Çykyşda ýurtlaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.
Bu babatda birnäçe mysallar getirildi: beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleri azerbaýjan diline terjime edildi, Nizami Genjewi adyndaky Edebiýat institutynda Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkezi açyldy, beýik türkmen nusgawy şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar bilelikde geçirildi.
Baýramçylyk mynasybetli çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar hem azerbaýjan alymlaryny ýubileý senesi bilen gutlap, ylym we innowasion tehnologiýalar ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
ORIENT