Iň täze habarlar

Mukamlar köşgünde «Türkmen kinosynyň rowaýatynyň simfoniýasy» atly konsert geçiriler

24.09.2025 | 16:05 |
 Mukamlar köşgünde «Türkmen kinosynyň rowaýatynyň simfoniýasy» atly konsert geçiriler

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, dirižýor Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 28-nji sentýabrda Mukamlar köşgünde geçiriljek «Türkmen kinosynyň rowaýatynyň simfoniýasy» atly konsertine çagyrýar.

Konsertiň maksatnamasyna türkmen kino sungatynyň rowaýatyna öwrülen filmlerinden saz eserleri girizildi.

Konsert sagat 19:00-da başlanýar.

Biletler bilen baglanyşykly soraglar boýunça 26-69-17, (+99361) 33-88-29, (+99363) 46-71-77 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: