Durmuşyň depgini yzygiderli artýan häzirki döwürde wagty tygşytlamaga we gündelik işleri ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatlara isleg aýratyn ýokarydyr. Aralyga garamazdan resminamalaryň we ibermeleriň çalt eltilmegi häzirki wagtda hem hususy şahslar, hem-de işewürlik üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin kurýer we poçta hyzmatlary häzirki zaman infrastrukturasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Kurýer hyzmatlaryna bolan uly islegi nazara alyp, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýokary hilli we ygtybarly eltip bermek ulgamyny ýola goýdy. Ýokary hyzmat standartlary, toplanylan tejribe we sazlaşykly logistika ulgamy gymmatly ibermeleri we möhüm hat-habarlary, hatda Türkmenistanyň iň çetki sebitlerine hem iň gysga wagtda eltip bermäge mümkinçilik berýär.
Soňky döwürde «gapydan gapa» kurýer hyzmaty aýratyn meşhurlyga eýe bolýar. Bu hyzmatdan hususy şahslar, hususy telekeçiler, internet dükanlary hem-de iri guramalar işjeň peýdalanýarlar. Hyzmat öýden ýa-da ofisden çykman ýurduň çäginde ibermeleri ýa-da banderoly ugratmaga ýa-da kabul etmäge mümkinçilik berýär. Iberme gönüden-göni alyja gowşurylýar, bu bolsa goşmaça amatlylygy we ygtybarlylygy üpjün edýär.
Zerur ýagdaýda müşderiler goşmaça mümkinçiliklerden hem peýdalanyp bilerler, şol sanda ibermeleri gaplamak we saklamak, şeýle hem ibermeleriň ýa-da beýleki hat-habarlaryň ýerleşýän ýerini hakyky wagt tertibinde yzarlamak hyzmatlary elýeterlidir.
Hyzmaty resmileşdirmek üçin «Türkmenpoçta» kurýer gullugy bilen (+993 12) 92 14 95 telefon belgisi arkaly habarlaşyp, kurýeri öýe çagyrmak ýeterlikdir. Şeýle hem sargyt etmek mümkinçiligi Google Play we App Store-da ýükläp alyp bolýan Çapar pay mobil goşundysy arkaly elýeterlidir. Eltip bermek hyzmatynyň bahasy ibermäniň agramyna görä kesgitlenýär.
Poçta hyzmatlaryny kämilleşdirmek we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde «Türkmenpoçta» Çapar pay mobil goşundysynyň mümkinçiliklerini giňeltmegi dowam etdirýär. Onuň kömegi bilen ulanyjylar IIM-niň ÝHHG-niň jerimelerini, jemagat hyzmaty töleglerini töläp, Belet Film onlaýn kinoteatrynyň we Älem TV hemra telewideniýesiniň hyzmatlaryndan peýdalanyp, kurýer çagyryp, poçtany iberip, suw sargyt edip we başga-da birnäçe hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.
«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň işi barada has giňişleýin maglumatlary guramanyň resmi web sahypasyndan alyp bolýar (www.post.tm).
