Howa hünärmenleri Türkmenistanda sentýabr aýynyň başynda boljak howa ýagdaýy barada habar berdiler
01.09.2025 | 14:10 |Sentýabryň ilkinji hepdesinde Türkmenistanyň çäginde howa ýagdaýy, merkezini Taýmyrda (Ýewraziýanyň iň demirgazyk yklym bölegi, Russiýanyň iň uly ýarym adasy) ýerleşdiren giň antisiklon hem-de ýurduň günorta-gündogarynda we Hazar deňziniň günorta akwayoriýasyndaky bar minimumlarynyň täsiri astynda emele geler.
Şeýle howa ýagdaýynda demirgazyk-gündogar ýelleri agdyklyk edýär diýip, Meteožurnal ýazýar.
Duşenbe, 1-nji sentýabr. Irden ýurduň köp welaýatlarynda salkyn: +18…+23°, Balkan welaýatynda +21…+26°. Gündiz howa +30…+35° çenli gyzar, Aşgabatda +31…+33°.
Sişenbe. Temperatura ýokarlanar, esasan-da gijelerine duýlar. Gündiz +32…+37°, paýtagtymyzda +33…+35° bolar.
Çarşenbe. Ýurduň demirgazygynda +31…+36°, günortada bar minimumlarynyň güýçlenmegi bilen +33…+38° garaşylýar.
Penşenbe–anna. Gazagystanyň üstünde merkezi ýerleşen siklonyň täsiri astynda gyzgyn howa dowam eder: gündiz +33…+38°.
Dynç günleri. Demirgazyk-günbatardan gelen howa toplumlarynyň täsiri bilen ýurduň günbatar we demirgazyk sebitlerinde temperatura +28…+33° çenli peseler, gündogar we günorta-gündogar sebitlerde +32…+37° derejede gyzgyn howa dowam eder.
Şeýlelikde, sentýabryň ilkinji hepdesi Türkmenistanda ýyly we käbir ýerlerde gyzgyn howa bilen geçer, hepdäniň ahyrynda yssynyň az-owlak gowşamagyna garaşylýar.
ORIENT