Oktýabrda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
26.08.2025 | 14:02 |2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler diýip, Trend agentligi habar berýär. Çäreler iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygyň çäginde guralyp, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitmekde möhüm waka bolar.
Maksatnamanyň çäginde sungat ussatlarynyň konsertleri, amaly-haşam sungaty we halk senetleri boýunça sergiler, şeýle-de medeniýet işgärleriniň duşuşyklary geçiriler.
Jogap hökmünde 2026-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu bolsa medeni alyş-çalyşygyň ösdürilmegine we ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň giňelmegine goşmaça itergi berer.
ORIENT