BMGÖM we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi sanly ösüş boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçirýär
27.08.2025 | 10:20 |2025-nji ýylyň 25–29-njy awgusty aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikde döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri üçin sanly özgertme boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçirýär.
Okuw çäreleri Türkmenistanda 2026–2028-nji ýyllar üçin Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Döwlet maksatnamasyny işläp düzmek taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Oňa 30-a golaý ministrlikleriň we edara-kärhanalaryň wekilleri, şeýle hem telekeçiler, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri hem-de startap ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Geçirilen kämilleşdiriş okuwlarynyň temalary döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak, sanly strategiýalary işläp düzmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumatlary dolandyrmak we sanlylaşdyrmanyň halkara tejribesi ýaly ugurlary öz içine alýar.
Sessiýalary BMGÖM-nyň sanly özgertme boýunça halkara eksperti Aare Laponin alyp barýar.
Geçirilýän kämilleşdiriş okuwlary Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýasyny we Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, durnukly sanly ykdysadyýeti döretmekde we ösdürmekde özara bähbitli mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir.
ORIENT