«Türkmennebit» döwlet konserni tender toparynyň adyndan konserniň kärhanalarynda elektron maglumatlar binýadynyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny kämilleşdirmek we täze ulgamlary ornaşdyrmak boýunça taslama işlerini, ýerine ýetirilmeli işleriň doly toplumyny işläp düzmek hem-de tender tekliplerini bermek boýunça № 203 halkara tenderi yglan edýär.
Tender 2026-njy ýylyň 13-nji martyndan 27-nji apreline çenli geçirilýär.
Şertlere laýyklykda, tendere diňe tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelýän önüm öndüriji kompaniýalar gatnaşyp biler.
Gatnaşmagyň esasy şertleri
Gatnaşmak isleýänler:
— kompaniýanyň doly adyny, kanuny ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini görkezýän tendere gatnaşmak islegi barada arza tabşyrmaly;
-
"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
-
lotlaryň häsiýetnamasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
-
tendere gatnaşmak üçin bir Lot üçin ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemeli.
Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplaryna eýe bolan kompaniýalar tendere gatnaşmaýar.
Tender tekliplerini tabşyrmak
Tender teklipleri, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne 30-njy iş güni 12:00 sagatdan gijä galman (ýerli wagt).
Bellenen möhletden giç tabşyrylan tender teklipleri kabul edilmeýär.
Doly tender teklibi syýa möhüri bilen tassyklanan bir möhürlenen bukjada tabşyrylmaly.
Bukjada:
-
anketanyň elektron görnüşi;
-
şertnamanyň esasy şertleri (Word formatda);
-
tehniki we ykdysady spesifikasiýa (Excel formatda) bolmaly.
Salgy we aragatnaşyk
Arzalar we tender teklipleri şu salgy boýunça kabul edilýär:
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK.
Spesifikasiýa we tehniki tabşyryk bilen şu resmi web-saýtlarda hem tanyşyp bolýar:
www.oilgas.gov.tm
www.turkmennebit.gov.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
40-39-90 (arzalary tabşyrmak üçin faks)
40-39-93, 40-36-21, 40-36-74, 40-30-67 (tehniki meseleler boýunça)
Elektron poçta: fer@turkmennebit.gov.tm
ORIENT
