6-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni (12-nji dekabr) we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.
Bu çözgüt Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edildi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanda “eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen” raýatlaryň günäsini geçmek, olary mundan beýläk jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly işleriň asylly däbe öwrülendigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iş kesilen 231 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.
Toparyň başlygy hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.
ORIENT
