Iň täze habarlar

Türkmenistanyň SPECA başlyklygynyň çäginde Aşgabat halkara çärelerini kabul eder

27.07.2025 | 00:30 |
 Türkmenistanyň SPECA başlyklygynyň çäginde Aşgabat halkara çärelerini kabul eder

25-nji iýul, anna güni Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow 2025-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Tassyklanan meýilnama laýyklykda, şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Aşgabat şäherinde birnäçe uly göwrümli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda – SPECA-nyň Ykdysady forumyny, Dolandyryjy geňeşiniň 20-nji mejlisini hem-de ugurlar boýunça iş toparlarynyň duşuşyklary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde “SPECA günlerini” Aşgabatda guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Oňa maksatnama agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleriniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de bu guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Döwlet Baştutany halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň strategiki ähmiýetine ünsi çekdi we türkmen paýtagtynda öňde boljak wakalar üçin ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

ORIENT

Tema boýunça

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada SPECA-nyň ministrler duşuşygyna we UNECE-iň 71-nji mejlisine gatnaşdy

Ženewada Türkmenistanyň SPECA başlyklygynyň çäginde çäreleriň meýilnamasy hödürlendi

Türkmenistan 2025-nji ýylda SPECA-niň başlyklygyny kabul edip biler

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: