Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 30 geleşik baglaşyldy

22.07.2025 | 09:30 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 30 geleşik baglaşyldy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 30 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» Döwlet konsernleriniň tehnologik desgalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awtoulag benzini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli dokma önümleri we buýan köküniň goýaldylan ekstrakty hem-de garapaçak gury pilesi ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: Hytaý, Gonkong, Azerbaýjan we Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy 69 mln 190 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

Içerki bazara ýerli telekeçiler umumy bahasy 95 mln 680 müň manada barabar bolan polipropileni we nebit ýol bitumyny ("Türkmennebit" DK), şeýle-de dokma galyndylaryny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: