Iň täze habarlar

Türkmen teplowozlary Hytaýda düýpli döwrebaplaşdyryşdan soň ulanyşa gaýdyp gelýär

20.07.2025 | 17:29 |
 Türkmen teplowozlary Hytaýda düýpli döwrebaplaşdyryşdan soň ulanyşa gaýdyp gelýär

Türkmenistanda ulanylýan teplowozlaryň bir tapgyry Hytaýyň “CRRC Ziyang Locomotive Co., Ltd.” Kärhanasynda üstünlikli ýagdaýda düýpli abatlaýyş we çuňňur döwrebaplaşdyryş işleri geçirildi. Ähli işler tamamlanandan soň, bu lokomotiwler 18-nji iýulda önümçilik konweýerinden üstünlikli düşürildi we ýakyn wagtda ýurduň demirýollarynda işini dowam etdirmek üçin Türkmenistana ugradylar.

Bu teplowozlar “CRRC Ziyang” tarapyndan Türkmenistana eksport edilen ilkinji tapgyry bolup, olar ortaça 20 ýyl ulanyldy we 2 million kilometreden gowrak ýol geçdi. Abatlaýyş wagtyna çenli olaryň tehniki häsiýetnamalary ep-esli derejede pese gaçypdy, käbir böleklerini bolsa düýpli çalşylmagyny talap edýärdi.

2024-nji ýylyň ahyrynda “CRRC Ziyang” bilen “Türkmendemirýollary” bu lokomotiwleri düýpli tehniki abatlaýyş we döwrebaplaşdyrma boýunça şertnama baglaşdy. Bu bolsa ilkinji gezek türkmen teplowozlarynyň düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin Hytaýdaky zawoda yzyna iberilmegi boldy.

Lokomotiwleriň tapgyry “CRRC Ziyang” zawodynda 2025-nji ýylyň maý aýynda bardy. Taslama esasy bölekleriň – tirkegleri, dizel hereketlendirijileriň we elektrik ulgamlarynyň takyk abatlaýyşyny öz içine aldy. Mundan başga-da, lokomotiwler täze nesil akylly dolandyryş ulgamlary, howpsuzlyk gözegçilik ulgamlary we ergonomiki tehnologiýalar ornaşdyryldy.

Bu döwrebaplaşdyrma netijesinde, ýigrimi ýyldan gowrak ulanylan bu lokomotiwler akylly howpsuzlyk ýaly tehniki görkezijiler boýunça täze nesil standartlaryna laýyk gelýär. “CRRC Ziyang” kompaniýasy türkmen hünärmenleri üçin hem ulgamlaýyn tehniki okuw geçirdi we ýerli hyzmat ulgamlaryny netijeli guramak üçin standartlaşdyrylan tehniki gollanmalary taýýarlady.

“CRRC Ziyang” bilen “Türkmendemirýollary”-nyň hyzmatdaşlygy 2004-nji ýylda başlandy we yzygiderli esasda ösdürilip gelinýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir eksport bilen çäklenmän, eýsem ähli önümçilik zynjyry boýunça – ulag serişdeleri, ätiýaçlyk şaýlary we zawod abatlaýşy ýaly ugurlary hem öz içine alýar.

Häzirki wagta çenli “CRRC Ziyang” Türkmenistana jemi 294 lokomotiw eksport etdi we olar ýerli demirýol gatnawlarynyň 98%-den gowragyny üpjün edýär.

Bu düýpli abatlaýyş taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe bir halkara hyzmatdaşlygynyň “önüm + hyzmat” modeli üçin täze itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çägindäki demirýol hyzmatdaşlygynyň üstünlikli nusgasy hökmünde hem çykyş edýär.

Çeşme: Sichuan Online

Foto: CRRC Ziyang Locomotive Co., Ltd.

Şeýle hem okaň: