Iň täze habarlar

Türkmenistan we Ýaponiýa işewürlik hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna taýýarlanýar

19.07.2025 | 01:37 |
 Türkmenistan we Ýaponiýa işewürlik hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna taýýarlanýar

Aşgabat, 18-nji iýul | ORIENT. Türkmenistanda türkmen-ýapon işewürlik forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm waka bolar.

Bu barada wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda hasabat berdi.

Forum söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir. Çärä gatnaşyjylar arasynda netijeli dialogy üpjün üçin ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär.

Ýapon tarapyndan foruma maýa goýum, söwda, hyzmatlar, bilim ulgamlarynda, nebitgaz, senagat, saglygy goraýyş ulgamlary üçin enjamlaryň önümçiligi, gurluşyk, logistika pudaklarynda we beýleki ugurlar boýunça iş alyp barýan ýapon kompaniýalary gatnaşmaga isleg bildirýärler.

Türkmen tarapyndan foruma Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşar. Bu geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we hyzmatdaşlygymyzy berkitmäge mümkinçilik berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň iri halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny, Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde hem Türkmenistanyň milli pawilýonynyň öz işini üstünlikli alyp barýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere forumyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim bolmagy üçin gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňky ýyllarda türkmen-ýapon gatnaşyklary barada

Türkmenistan we Ýaponiýa 30 ýyldan gowrak wagt bäri konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirip gelýär. Esasanam ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlyk aýratyn ýagdaýda işjeň ösdürilýär. 1992-nji ýylda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny goýdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Günüň dogýan ýurduna amala aşyran sapary wagtynda işewür toparlaryň wekilleri bilen duşuşyp, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Şeýlelik bilen, türkmen döwletiniň Baştutany diňe bir ýokary derejede syýasy gatnaşyklary pugtalandyrman, eýsem Ýaponiýanyň işewür toparlaryna anyk meýilnamalary teklip etdi.

“Mitsubishi Corporation”, “Sumitomo Corporation”, “Kawasaki Heavy Industries” we “ITOCHU Corporation” ýaly ýapon kompaniýalary Türkmenistanda, esasanam nebitgaz we himiýa pudaklarynda iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ähmiýetli goşant goşdy. Mysal üçin, gazy gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we mineral dökünleri öndürýän desgalaryň gurluşygyna gatnaşdylar.

Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary we maýa goýumlaryny üpjün edip, özara peýdaly esasda türkmen ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyny işjeň goldaýar. 2015-nji ýylda Ýaponiýanyň şol wagtky Premýer-ministri Sindzo Abeniň Aşgabat şäherine amala aşyran sapary wagtynda energetika, senagat we infrastruktura hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen ylalaşyklaryň bukjasyna gol çekildi.

Özara gatnaşyklar “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäginde ösdürilýär. Munuň özi bolsa sebitara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýär. 2024-nji ýylda Tokioda türkmen wekiliýetiniň ýapon işewürleri bilen duşuşygy geçirildi we ol ýerde ýaşyl energetika, ýokary tehnologiýaly önümleri eksport etmek we infrastruktura ýaly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň yzygiderli mejlisleri, şol sanda geçen ýylyň dekabrynda geçirilen 15-nji mejlis ýurtlaryň arasyndaky dialogy pugtalandyrýar. Ýapon kompaniýalary ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýän kanunlar esasynda döredilen Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýyna ýokary baha berýärler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk güýçlenmegini dowam etdirýär we synçylaryň pikiriçe, ýakyn wagtda geçiriljek forum iki ýurduň gülläp ösmegine goşant goşjak bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze meýdança bolar.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: