LOGISTECH-2025 logistika pudagynyň türkmen wekilleri üçin täze mümkinçilikleri açýar
19.07.2025 | 11:25 |Türkmenistanyň logistika kompaniýalary LOGISTECH-2025 halkara sergisine gatnaşyp bilerler. 2025-nji ýylyň 8–10-njy oktýabry aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherindäki Fuarizmir sergi merkezinde Logistika, ammar we tehnologiýalar boýunça 4-nji LOGISTECH halkara sergisi geçiriler.
Bu giň gerimli pudak çäresiniň guramaçysy IZFAŞ kompaniýasydyr. Giňişleýin maglumat logistech.com.tr resmi web sahypada elýeterlidir.
LOGISTECH her ýyl giňelip, halkara abraýyny pugtalandyrýar we dünýäniň dürli künjeginden logistika hünärmenlerini bir ýere jemleýär. Sergi gatnaşyjylara işewür gatnaşyklary ýola goýmak, tejribe alyşmak we täze bazarlary gözlemek üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.
Çärä gatnaşyjylarynyň arasynda:
awtoulag, demir ýol, deňiz we howa ulag kompaniýalary;
port we ammar operatorlary;
ammar enjamlaryny we tehnikalaryny (ýük awtoulaglary, ýük göterijiler we ş.m.) öndürijiler;
IT we awtomatizasiýa ulgamynyň wekilleri;
elektron söwda boýunça çözgüt üpjün edijiler;
bank, ätiýaçlandyryş we gümrük guramalarynyň wekilleri;
pudak birleşmeleri we logistiki hyzmatdaşlyk torlary.
Şu ýylyň täzeligi – ilkinji gezek Izmirde ýerleşdiriljek Speed Networking zolagy bolar. Bu ýer logistika kompaniýalarynyň we eksport-import guramalarynyň wekilleriniň arasynda şahsy duşuşyklar üçin netijeli meýdança hökmünde hyzmat eder.
Çäräniň esasy maksatlary:
täze logistika ugurlaryny we hyzmatdaşlary tapmak;
halkara birleşikler, eksport-import birleşmeleri we söwda-senagat edaralary bilen B2B-duşuşyklary guramak;
türk eksport edijileri we sebitleýin söwda düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak.
Näme üçin gatnaşmaly:
Ortaýer deňzi sebitiniň iň iri logistika gatnaşyjylary bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiligi;
şahsy duşuşyklaryň üsti bilen strategik hyzmatdaşlyklary gurmak;
gatnaşyjylar üçin giň goldaw (VIP ýerleşdiriş, ulag hyzmatlary, işewür çäreleriň gurnalmagy).
Formaty:
ulgam arkaly bellige alyş;
13:00–15:00 aralygynda B2B-duşuşyklary;
resmi däl gepleşikler üçin aýratyn meýdança.
LOGISTECH-2025 sergisi halkara logistika bazarynda orunlary berkitmek we hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin döwrebap platforma bolar.
ORIENT