Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Resul Gylyjowyñ ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, italiýan kino sazlaryna bagyşlanan konsert maksatnamasyny hödürlär. Konsertler 27 we 28-nji iýunda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatryň sahnasynda geçiriler.
Orkestriň ýerine ýetirmeginde Ennio Morrikone, Nino Rota ýaly görnükli italýan kompozitorlarynyň hem-de beýleki awtorlaryň eserleri ýaňlanar. Tomaşaçylar “Ýagşy, erbet, ýaman”, “Amerikada bir gün”, “Professional”, “Gadyrgan ata”, “Romeo we Julýetta” ýaly meşhur filmleriň sazlaryny diňlemäge mümkinçilik alar.
Bilet almak bilen baglanyşykly soraglar boýunça şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 26-69-17, (+99363)46-71-77, (+99364)03-74-56.
ORIENT
