Iň täze habarlar

Türkmenistanyñ ilçihanasy Gyrgyzyñ ýokary okuw mekdebinde umumy sapagy gurady

30.04.2025 | 19:20 |
 Türkmenistanyñ ilçihanasy Gyrgyzyñ ýokary okuw mekdebinde umumy sapagy gurady

29-njy aprelde Türkmenistanyñ Bişkekdäki ilçihanasy 2025-nji ýylyñ "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyñ bitaraplygynyñ 30 ýyllygy mynasybetli I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz döwlet uniwersitetinde umumy sapagy geçirdi.

Çärä uniwersitetiñ mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Umumy sapagyñ barşynda Türkmenistanyñ başlangyjy boýunça BMG-niñ Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyñ "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilendigi, bu hem ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyñ tagallalarynyñ subutnamasy bolup durýandygy barada bellenildi. 1 Şeýle hem, çäräniñ dowamynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň konsepsiýasyna aýratyn üns berildi. 2 Konsepsiýada özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik, Türkmenistanyñ hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine hem-de döwletleriñ tagallalarynyñ birleşdirilmegine esaslanan ýurduñ garaýyşlarynyñ beýan edilendigi barada aýratyn nygtaldy. 3 Çäräniñ çäklerinde Türkmenistan barada wideo şekiller görkezilip, ýurdumyzyñ medeniýetine bagyşlanan sergi guraldy. 4

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: