Iň täze habarlar

Aşgabatda “Ýeňiş diktanty” atly halkara wagyz-watansöýüjilik çäresi geçirildi

30.04.2025 | 10:55 |
 Aşgabatda “Ýeňiş diktanty” atly halkara wagyz-watansöýüjilik çäresi geçirildi

2025-nji ýylyň 25-26-njy aprelinde “Ýeňiş diktanty” atly halkara wagyz-watansöýüjilik çäresi geçirildi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Çäre 150-den gowrak gatnaşyjyny, şol sanda mekdep okuwçylaryny we talyplary ýygnady.

Gatnaşyjylara Beýik Watançylyk urşuň möhüm wakalaryny öz içine alýan 25 sorag hödürlendi. Her bir soraga 4 jogap teklip edildi. Türkmenistanyň Ýeňşe goşan goşandyna üns berilendigini bellemelidiris. Hususanda, 300 müň türkmenistanlylaryň söweş hereketlerine gatnaşmagy, olaryň 130 müňi ordenlere we medallara, 104-si – Sowet Soýuzynyň Gahrymany adyna mynasyp boldular, 15-si bolsa – Şöhrat ordeniniň doly kawalerlary boldular.

Gatnaşyjylara olaryň möhüm halkara çäresine gatnaşandygyny tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy.

Şu ýyl “Ýeňiş diktanty” atly halkara wagyz-watansöýüjilik çäresi Russiýanyň 27 müňden gowrak hem-de dünýäniň 60 ýurduň meýdançasynda geçirilip, dürli milletdäki we ýaşdaky adamlary gahrymançylykly geçmiş baradaky ýatlamalary saklap galmak üçin birleşdirdi. Diktantyň soraglary sekiz dile, şol sanda iňlis, hytaý, fransuz we beýleki dillere terjime edildi. Munuň özi Ýer şarymyzyň dürli künjeklerindäki gatnaşyjylara 1941-1945-nji ýyllarda bolup geçen wakalar baradaky bilimlerini barlamaga mümkinçilik berdi.

ORIENT news

Foto: asb-okr.ru

Şeýle hem okaň: