Iň täze habarlar

Dünýä ykdysadyýeti boýunça III Halkara talyplar olimpiadasyna kabul edişlik başlady

25.04.2025 | 17:30 |
 Dünýä ykdysadyýeti boýunça III Halkara talyplar olimpiadasyna kabul edişlik başlady

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny Dünýä ykdysadyýeti boýunça III Halkara açyk internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Olimpiada 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda geçiriler.

Her bir ýokary okuw mekdebinden dört talyp gatnaşyp biler. Gatnaşyjylar 120 minudyň dowamynda dünýä ykdysadyýeti boýunça 10 meseläni çözmeli.

Olimpiadanyň resmi dilleri: türkmen, rus, iňlis.

Gatnaşmak üçin bellenen formatda https://drive.google.com/file/d/1CCGczf4yZd2hoaR-S27-bsPLHFqhcey8/view tsiem.worldec@sanly.tm; saparovagulnabat@mail.com elektron salgylary boýunça gatnaşyjy baradaky maglumatlary ugratmaly.

Her bir gatnaşyjy üçin olymp.tsiem.edu.tm onlaýn-platformasynda akkaunt dörediler.

Arzalar 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin:

+993 12 48 62 86;

+993 62 46 97 97

Email:

tsiem.worldec@sanly.tm;

saparovagulnabat@mail.com.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: