11 günüň dowamynda Ýaponiýadaky Bütindünýä Expo-2025 sergisi bir milliondan gowrak adamy özüne çekdi
24.04.2025 | 10:20 |Açylyş pursadyndan başlap, 11 günüň dowamynda Ýaponiýada geçirilýän Bütindünýä Expo-2025 sergisi bir milliondan gowrak adamy özüne çekdi.
Bu möhüm waka bagyşlanan çärede eden çykyşynda 2025-nji ýylyň Bütindünýä sergisiniň Ýapon assosiasiýasynyň Baş sekretary Hiroýuki Isige serginiň ajaýyp duýgylary paýlap berýändigini aýtdy. Şeýle hem, ol Ýaponiýada ýokary syýahatçylyk akymy bolup geçýän Altyn hepdeliginiň öňüsyrasynda myhmanlar üçin ajaýyp dynç alyş ýeri bolar diýip aýtdy.
Guramaçylar oktýabr aýynda tamamlanjak ýarym ýyllyk çäräniň dowamynda geljek adamlaryň sany 28 mln-dan geçjekdigine garaşýarlar. Bu waka taryhy ähmiýete hem eýedir. Sebäbi Ýaponiýa Bütindünýä sergisini soňky gezek 2005-nji ýylda geçirip, şol döwür 17 günüň dowamynda gelen adamlaryň sany 1 mln ýetdi.
ORIENT news