Iň täze habarlar

ITSE 2025: Aşgabatda dünýä bilermenleriniň ussatlyk sapaklarynyň birnäçesi geçiriler

21.04.2025 | 00:30 |
 ITSE 2025: Aşgabatda dünýä bilermenleriniň ussatlyk sapaklarynyň birnäçesi geçiriler

“Halkara söwda we hyzmatlar” - ITSE 2025 atly sergsi 1-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda birnäçe tölegsiz ussatlyk sapaklaryny hödürlär. Şeýle giň halkara derejesindäki wekilleriň gatnaşmagy bilen serginiň çäginde geçirilen ilkinji bu okuw çäresi, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan we ykrar edilen hünärmenlerden göni bilermenlik bilimlerini we amaly endiklerini almak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

Tejribesini paýlaşjak kompaniýalaryň hatarynda “Argus Media Limited”, “eBay”, “Messe Frankfurt” ýaly ägirtler şeýle hem beýleki halkara guramalarynyň bilermenleri bar.

Ussatlyk sapaklary gatnaşyjylara halkara hünärmenlerinden amaly maglumatlary hödürleýän esasy we häzirki ugurlaryň giň toparyny öz içine alýar. Temalaryň arasynda:

‣ Nebithimiýa (şol sanda himiki serişdeleriň we mineral dökünleriň logistikasy, Beýik Britaniýanyň “Argus Media” kompaniýasynyň bilermeni Andreý Prohorowdan, nebit bazarynyň we Merkezi Aziýa hem-de Hazarýaka ýurtlarynyň önümleriniň seljerişi).

‣ ESG-standartlary we olaryň işewürlikdäki üstünliklerine täsiri (“Sidona Green” kompaniýasyndan Kongkona Sarma, Beýik Britaniýa).

‣ Elektron söwda (eBay-da satuwyň B2C we B2B strategiýalary – Fabian Ştahelin, Şweýsariýa).

‣ Döredijilikli ykdysadyýetiniň ösüşi (ugurlary we gurallary barada – Doktor Martin Smit, Beýik Britaniýa).

‣ Sergilerdäki üstünlik (aňrybaş derejede gatnaşmaklaryny nädip üpjün etmeli – “Messe Frankfurt” kompaniýasyndan Ýurgen Wertz, Germaniýa).

‣ Organiki sertifikasiýa (brendleşdirme we bazar trendy – Sanjar Soltankulow, Gyrgyzystanyň).

‣ GLOBALG.A.P. sertifikasiýa (oba hojalygynda eksport standartlary – Edita Strazdina, Latwiýa).

‣ Organiki dokma önümleri (GOTS standart mümkinçilikleri – Katarina Şaus, Germaniýa).

‣ Startap üçin maýa goýumlary (angel – maýa goýumlarynyň nähili işleýär – Ženi Rozinskiý, ABŞ).

Gatnaşmaga nebit we gaz pudagy, söwda, önümçilik, oba hojalygy we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin dürli ugurlardan hünärmenler çagyrylýar. Işewürligiňizi giňeltmek, halkara sertifikatyna eýe bolmak, häzirki zaman talaplaryny kanagatlandyrmak ýa-da ählumumy tendensiýalardan habarly bolmak isleýän bolsaňyz, bu sessiýalar örän peýdaly bolar.

✓ Ähli ussatlyk sapaklaryna gatnaşmak tölegsiz. Şeýle-de bolsa, ýer çäkli bolany üçin deslapky hasaba alynmagy talap edilýär.

Hünär derejesini ýokarlandyrmak we dünýäniň öňdebaryjy bilermenlerden gymmatly bilim almak üçin bu ajaýyp mümkinçiligi elden gidirmäň! 1-nji maýda “ITSE 2025” sergisinde tölegsiz ussatlyk sapaklaryna goşulyň!

Hasaba alyş:

Resmi web sahypasy: itse.turkmenexpo.com

E-poçta: itse@turkmenexpo.com

Foto: TurkmenExpo

Şeýle hem okaň: