Aşgabatda “ВиБи Образование” söhbetdeşlikleri – siziň Belarusyň uniwersitetlerine okuwa girmek mümkinçiligiňiz
21.04.2025 | 15:25 |“ВиБи Образование” Aşgabatda Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň kabul ediş toparlarynyň wekilleri bilen söhbetdeşlikleriň geçirilýändigi barada habar berýär. Çäre öňünde uly maksatlary goýan ýaşlara we olaryň ata-enelerine P.M.Maşerow adyndaky Witebskiň Döwlet uniwersitetiniň, Ýanka Kupala adyndaky Grodnonyň Döwlet uniwersitetiniň hem-de Ýefrosiniýa Poloskaýa adyndaky Poloskyň Döwlet uniwersitetiniň wekilleri bilen göni gürrüňdeş bolmak mümkinçiligini berýär.
Söhbetdeşlikler dalaşgärler üçin abraýly belarus okuw mekdepleriniň bölegi bolup, ýokary hilli bilimi almaga pursat döreder. Guramaçylar ähli gatnaşyjylara okuwa girmegi kepillendirýärler, test synaglarynyň ahyrynda bolsa degişli şahadatnamalar gowşurylar. Mundan başga-da, “ВиБи Образование” geljekki talyplaryň rahat syýahatlaryny üpjün etmek üçin awia biletleriň satyn almagynda ýardam berer.
Üns beriň! Dalaşgärleriň arasynda awgust aýynyň ikinji ýarymyna Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça “Belawia” kompaniýasynyň B2744 gatnawyna bäş sany awia biletleriň utuşly ýaryşy geçiriler.
Söhbetdeşlige gatnaşmak üçin aşakdaky resminamalary taýýarlamaly: pasport, orta bilim hakynda attestat (ýa-da onuň bahalar bilen nusgasy) ýa-da ýetişik baradaky tabel (mekdebi tamamlamadyklar üçin). Çäre Aşgabatda Atatürk köç., “Berkarar” işewürlik merkezi, 10-njy gat salgysy boýunça geçer.
Test synaglaryň geçiriliş we şahadatnamalaryň gowşurylyş wagty: 22-nji, 23-nji, 24-nji maý: test synaglary sagat 14:00-dan 16:00-a çenli, şahadatnamalaryň gowşurylyşy we biletleriň utuşly ýaryşy sagat 16:00-dan 17:00-e çenli geçiriler.
25-nji, 26-njy maý: test synaglary sagat 11:00-dan 14:00-a çenli, şahadatnamalaryň gowşurylyşy we biletleriň utuşly ýaryşy sagat 14:00-dan 16:00-e çenli geçiriler.
Guramaçylar ýerleriň çäklidigini belleýärler hem-de gyzyklanma bildirýän şahslary bilimler dünýäsine we hünär mümkinçiligine gapylary açmak üçin ajaýyp pursady elden gidirmezlige çagyrýarlar. Söhbetdeşlige ýazylmak hem-de goşmaça maglumat almak üçin +993 62 102 212, +993 71 572 630, +375 29 855 10 60 telefon belgileri boýunça ýüz tutmaly. Habarlaşmak üçin:
-
Elektron salgy: vbgroup.education@gmail.com;
-
Sosial ulgamlardaky sahypasy;
-
vbeducation.by saýty.
ORIENT news