Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Şu hepde Türkmenistanyň birnäçe welaýatynda howa şertleriniň üýtgemegine garaşylýar. Hepdäniň başy örän ýyly, ýaza meňzeş howa bilen häsiýetlendirilse, soňky günlerinde ýagyşly garyň ýagmagyna garaşylýar.
Aýratynlykda, Aşgabatda ýagyşly gara penşenbe we anna günlerinde garaşylýar. Penşenbe güni gündiz howanyň temperaturasy takmynan +8 gradus bolar, gijäniň temperaturasy +3 gradusa çenli düşer. Anna güni gündiz howa +4 gradusa çenli düşer, gijäniň temperaturasy takmynan +1 gradus bolar.
Anna güni ýagyşly gara Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem garaşylýar. Şeýle-de, Daşoguz we Balkanabat şäherlerinde ýagynlar bolmaz, emma bulutly howa saklanyp galar.
ORIENT
