Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

«Türkmentelekom» sanly hyzmatlaryny giňeldýär: sagatlaýyn ätiýaçlyk nusga almak we domenleri dolandyrmak

14.01.2026|22:25|
708
turkmentelekom-sanly-hyzmatlaryny-gineldyar-sagatlayyn-atiyaclyk-nusga-almak-we-domenleri-dolandyrmak
Surat çeşmesi: telecom.tm

«Türkmentelekom» kompaniýasy sanly hyzmatlarynyň sanawyny giňeldip, ulanyjylara maglumatlary sagatlaýyn ätiýaçlyk nusga almak (backup) hem-de domen atlaryny dolandyrmak mümkinçiliklerini hödürleýär.

Ätiýaçlyk nusga almak maglumatlary goramak we olary ýitirilen ýagdaýynda gaýtadan dikeltmek üçin niýetlenendir. Faýllary göçürmekden tapawutlylykda, backup maglumatlaryň asyl nusgalaryny pozmazdan, olaryň göçürmesini döredýär — dublikatlar goragly gurşawda saklanýar.

Wirtual enjamlary ulanýanlar üçin sagatlaýyn ätiýaçlyk nusga almagyň aşakdaky nyrhlary bellenildi:

0–60 GB — sagadyna 0,58 manat

61–120 GB — sagadyna 1,16 manat

121–200 GB — sagadyna 1,93 manat

201 GB-den köp — sagadyna 2,89 manat

Ätiýaçlyk nusga almak hyzmatyna birikmegiň jikme-jik şertleri «Türkmentelekomyň» resmi web sahypasynda ýerleşdirilendir.

Şeýle-de kompaniýa domenleri dolandyrmak mümkinçiligini hödürleýär. Munuň üçin hostingiň we domen adynyň eýesi abonent bölümine ýazmaça ýüz tutmalydyr. Arza gözden geçirilenden soň, tehniki bölümiň hünärmenleri domeni ulanyjynyň şahsy otagyna birikdirerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Abonent bölümi — 95 59 14

Tehniki bölümi — 48 15 03

ORIENT