Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň raýatlary üçin wizasyz ugurlar: ýurtlaryň häzirki sanawy

14.01.2026|17:45|
752
turkmenistanyn-rayatlary-ucin-wizasyz-ugurlar-yurtlaryn-hazirki-sanawy
Surat çeşmesi: Dünýä syýahat

Türkmenistanyň raýatlary käbir daşary ýurtlara öňünden wiza resmileşdirmezden syýahat edip bilerler ýa-da wizany gelen ýerinde alyp bilerler. Bu barada «Dünýä syýahat» syýahatçylyk kompaniýasy habar berýär.

Berlen maglumatlara görä, häzirki wagtda türkmen raýatlary üçin aşakdaky wizasyz we ýeňilleşdirilen giriş düzgünleri hereket edýär.

Doly wizasyz

Aziýa: Malaýziýa; Filippinler.

Ýewropa: Gruziýa.

Okeaniýa: Mikroneziýanyň Federatiw Ştatlary (galmagyň möhleti — 30 güne çenli).

Gelen ýerinde wiza

Aziýa: Maldiwler; Nepal; Makao.

Afrika: Mawrikiý; Ruanda; Zimbabwe; Mozambik.

Merkezi Amerika: Nikaragua.

Okeaniýa: Palau; Marşall adalary; Samoa.

Rugsat edilýän galmak möhletleri, şeýle hem giriş düzgünleri üýtgäp biljekdigini ýatladýarys. Şonuň üçin syýahatçylara syýahatdan öň degişli ýurtlaryň howa gatnaw kompaniýalaryndan we serhet gulluklaryndan häzirki talaplary anyklamak maslahat berilýär.

ORIENT