Türkmenistanda Türkiýäniň wiza operatory çalşyldy. Türkiýe wizalaryny almak üçin raýatlaryň arzalaryny kabul etmek we olary işlemek boýunça jogapkär kompaniýa hökmünde Mosaic Visa bellenildi.
Täze operator Gateway International kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň bes edilmeginden soň işe başlady. Şeýle-de bolsa, öň Gateway International arkaly tabşyrylan arzalar güýjünde galýar we olara bellenen tertipde serediler.
Wiza üçin resminamalary Mosaic Visa-nyň onlaýn platformasy arkaly hem-de kompaniýanyň wiza merkezine şahsy ýüz tutmak arkaly tabşyrmak mümkündir.
Mosaic Visa Turkmenistan wiza merkezi şu gün, 12-nji ýanwarda, Aşgabatda resmi taýdan açyldy. Merkez duşenbe–anna günleri 09:00-dan 17:00-a çenli, Remezan aýynda bolsa 14:00-a çenli işlär. Salgysy: G. Kuliýew adyndaky 2127-nji köçe, 71-nji jaý, “MB” Söwda Merkezi. Resminamalar öňünden ýazylmak arkaly kabul edilýär.
