TDHÇMB-da söwdalaşyklar: buýan köküniň guradylan ekstrakty we nah ýüplügi satyn alyndy
09.04.2025 | 09:37 |8-nji aprelde, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.
Serbiýanyň telekeçileri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen buýan köküniň guradylan ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen telekeçilerinden nah ýüplügini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 1 165 720 ABŞ dollaryna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news