ABŞ-nyň ilçisi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berdi
21.03.2025 | 05:40 |Penşenbe güni Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy boldy.
Duşuşykda gaznanyň alyp barýan işleriniň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi. Oguljahan Atabaýewa ynsanperwer maksatlara gönükdirilen işleri ýerine ýetirmegiň hem-de lukmançylyk kömegine mätäç çagalara kömek bermegiň bu düzümiň esasy wezipesi bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen gazna tapgyrlaýyn işleriniň gerimini giňeldýär, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da mätäçlik çekýän çagalara goldaw berýär.
ABŞ-nyň ilçisi, berlen maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirip, gaznanyň işine ýokary baha berdi we halkara derejesinde hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem hanym Elizabet Rud bilelikdäki başlangyçlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyryp biljekdigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa şu ýyl gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýandygyny we bu sene mynasybetli halkara derejeli çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Mundan başga-da gaznasynyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugurda kesgitlän wezipeleriniň ähmiýeti barada aýdylyp, olary ýerine ýetirmegiň gaznanyň halkara derejedäki abraýyny artdyrmak bilen birlikde, Türkmenistanyň öňe sürýän hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleriniň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň amala aşyrýan işleri “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda özboluşly mazmuna eýe bolar diýip, nygtaldylar.
ORIENT