TDU-nyň talyplary «tegelek stol» duşuşygynda ylmy nutuklary bilen çykyş etdiler
20.03.2025 | 18:30 |18-nji martda Magtymguly adyndaky TDU bilen Astrahan döwlet uniwersiteti ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň guramagynda talyplaryň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «Arassa energiýa — geljegiň energiýasy: düýn, şu gün, ertir» atly «tegelek stol» duşuşygyna gatnaşdylar.
Duşuşykda ýokary okuw mekdebiniň talyplary ylmy nutuklary bilen çykyş etdiler. Şeýle-de onlaýn duşuşyga Magtymguly adyndaky TDU-nyň “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty B.Diwangulyýewa hem-de W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň “Öwrenýän jemgyýet we durnukly durmuş-ykdysady ösüş” ÝUNESKO kafedrasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Bu duşuşyk dürli ýurtlaryň talyplarynyň nazary we amaly tejribelerini öwrenmekde hem-de häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda ähmiýetli boldy.
ORIENT