Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda täze awtobus ugry girizilýär

15.03.2025|11:30|
931
halkara-nowruz-guni-mynasybetli-turkmenistanda-taze-awtobus-ugry-girizilyar
Surat çeşmesi: awtoulag.gov.tm

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Awtomobil ulag hyzmaty” AGPJ-si “Awtokombinat-Türkmeniň ak öýi” ugry boýunça täze №72 awtobusyň girizilendigi barada habar berýär.

Bu täze ugur Halkara Nowruz güni bellenilýän döwründe ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen girizilýär. Baýramçylyk çäreleri 21-22-nji mart aralygynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriler.

Awtobuslar 2025-nji ýylyň 19-njy martyndan hereket edip başlar.

Goşmaça maglumat üçin telefon belgileri:

+99361493495;

44-35-20.

ORIENT news