Türkmenistandaky "Tatneft" şahamçasy 2026/13 belgili tenderi Türkmen manadynda yglan etdi. Tender Caterpillar C‑27 senagat hereketlendirijisini wagtlaýyn eýeçilige we peýdalanmaga bermek (kärende) hyzmatlaryny, şeýle hem onuň ulanyş döwründe doly tehniki hyzmatyny we abatlaýyş işlerini öz içine alýar.
Tenderiň predmeti
Caterpillar C‑27 senagat hereketlendirijisini wagtlaýyn eýeçilige we peýdalanmaga bermek hem-de onuň ulanylyşynyň ähli döwründe doly tehniki hyzmatyny we abatlaýyşyny üpjün etmek.
Gatnaşmak üçin arza
Tenderde gatnaşmak isleýänler arzalaryny şu elektron poçta salgysyna ibermelidirler:
KhalilulinBS@tatneft.tatar
Arza şu talaplara laýyklykda taýýarlanylmalydyr:
• dalaşgär kompaniýanyň resmi blankasynda ýazylmaly;
• şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna iberilmeli;
• ygtyýarly şahs tarapyndan gol çekilmeli;
• möhür bilen tassyklanmalydyr.
Arzada şu maglumatlar görkezilmelidir:
• kompaniýanyň doly ady;
• hukuk ýagdaýy;
• hasaba alnan ýurdy;
• bank rekwizitleri.
Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary şol ýerlerde ýerleşýän kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Arza kabul edilenden soň, gatnaşyja görkezilen elektron poçta salgysy boýunça tehniki tabşyryk iberiler.
Tender teklibine bildirilýän talaplar
Tender teklibi şu görnüşde hödürlenmelidir:
• elektron görnüşinde;
• PDF formatynda, şol bir wagtda Excel faýly bilen;
• ähli faýllar RAR formatynda arhiwlenmeli;
• arhiw azyndan 8 simwoldan ybarat açar sözi bilen goralmalydyr.
Teklipleri tabşyrmagyň möhleti
Tender teklipleri bildiriş "Nebit‑Gaz" gazetinde we www.oilgas.gov.tm sahypasynda resmi çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda, onunjy iş gününiň ýerli wagt bilen 18:00-dan gijä galman tabşyrylmalydyr.
Görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmez.
Habarlaşmak üçin:
Guramaçylyk meseleleri boýunça:
MTO inženeri
+993 65 83-18-99
Tehniki meseleler boýunça:
Baş mehanik
+993 62 74-18-80
ORIENT
