Iň täze habarlar

Türkmenistan we Halkara zähmet guramasy 2025-nji ýyldaky umumy maksatlar barada ylalaşdylar

27.02.2025 | 21:10 |
 Türkmenistan we Halkara zähmet guramasy 2025-nji ýyldaky umumy maksatlar barada ylalaşdylar

27-nji fewralda, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, sebitleýin direktory Beate Andres bilen duşuşdy.

DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilişi ýaly, şöhbetdeşler BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan eden şu ýyl üçin özara hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki çäreleriň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Adamlaryň arasynda parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi goldamaklygyň, durmuşyň ähli ugurlaryna gönüden-göni täsir edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler “2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki işleriň Ýol kartasyna” laýyklykda geçen ýylda geçirilen işleriň netijelerini gözden geçirdiler we şu ýyl üçin Türkmenistan hökümeti bilen HZG-nyň arasyndaky esasy ugurlary kesgitlediler. Türkmen tarapy, HZG-nyň bilermenleriniň gatnaşmagynda degişli okuw-maslahatlaryny geçirmek boýunça işleri ýola goýmaklygy teklip etdi.

27022025-turkmenistan-International Labour Organization (2).jpg

HZG-nyň konwensiýalaryna goşulmak bilen Türkmenistanyň hukuk binýadyny berkitmek we öňde boljak çärelere, hususan-da 2025-nji ýylyň iýun aýynda Ženewada geçiriljek Halkara zähmet maslahatyna taýýarlyk meselesine aýratyn üns berildi.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: