Tatarystanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
08.02.2025 | 11:30 |Ýelabuginiň we Naberežnyýe Çelny şäherleriniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çäräniň barşynda Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Türkmenistanyň Baş konsuly G.A.Garaýew kitabyň ähmiýeti hakynda aýdyp, onuň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanadygy barada belläp geçdi.
Konsul 2024-nji ýylda Türkmenistanda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilendigi barada hem-de onuň döredijiliginiň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we halkyň ruhy mirasynyň nyşany bolup durýandygy barada aýratyn belledi.
Kitabyň tanşydyrylyş dabarasy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda uly gyzyklanma döredip, Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň çäreleriniň bir bölegi boldy.
ORIENT News