Turkish Airlines Stambul-Aşgabat ugrunda ýörite töleg aksiýasyny girizýär
07.02.2025 | 15:45 |Türkiýäniň öňdebaryjy awia daşaýjysy bolan Turkish Airlines Stambul-Aşgabat ugrunda ýörite töleg aksiýasyndan peýdalanmagy teklip edýär.
Bir tarapa uçuş 331 ABŞ dollaryndan başlaýar, Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça bileti bolsa 598 ABŞ dollaryndan başlap satyn alyp bilersiňiz.
Aksiýa 2025-nji ýylyň 17-nji fewralyna çenli hereket edýär. Syýahatçylar öz uçuş syýahatlaryny 24-nji marta çenli (şol güni hasaba almak bilen) meýilleşdirip bilýärler.
Biletleri satyn almak we giňişleýin maglumatlary öwrenmek üçin Turkish Airlines kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyna ýüz tutuň.
Salgy: G.Kulyýew köç., 39-nji gurluş, Ussat binasy
e-mail: askabatbiletsatis@thy.com;
telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
web-saýty: turkishairlines.com.
ORIENT