Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow medeniýet meseleleri boýunça wise-premýeri çalyşdy

07.02.2025 | 23:55 |
 Serdar Berdimuhamedow medeniýet meseleleri boýunça wise-premýeri çalyşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni, 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde Mährijemal Mämmedowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak barada Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutany Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowany bu wezipä bellemek barada kararyna geldigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

Täze bellenen wise-premýere ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamynda şeýle hem syýahatçylyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri pudagyndaky möhüm wezipeler barada görkezmeler berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

ORIENT

Foto: ekrandan düşürilen

Şeýle hem okaň: