Iň täze habarlar

Aşgabadyň güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi yglan edildi

07.02.2025 | 11:50 |
 Aşgabadyň güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Aşgabat” gäzetiniň redaksiýasy Aşgabat şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde “Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat!” atly döredijilik bäsleşigine gatnaşmak baradaky arzalaryň kabul edilip başlandygy barada habar berýär.

Bäsleşige ýaşyna garamazdan Türkmenistanyň raýatlary, döredijilik şahsyýetler gatnaşyp biler. Gatnaşmak üçin Aşgabadyň ajaýyp gözelligini wasp edýän makalalary, goşgylary hem-de türkmen paýtagtynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen foto suratlary we foto kollažlary hödürlemek zerurdyr. Makalalar, goşgylar ozal neşirlerde çap edilmedik bolmaly.

Işleri “Aşgabat” gazetiniň redaksiýasyna şu ýylyň 15-nji maýyna çenli ugratmaly. Ugradyljak hatda “Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat!” atly bäsleşigine” diýen ýazgyny görkezmegi unutmaň! Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini 25 maýda Aşgabadyň gününde yglan ediler. Iň gowy işler “Aşgabat” gazetinde neşir ediler. Olar gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin:

+993 12 39-96-24

+993 12 39-96-34

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: