Iň täze habarlar

Düýbünden-täze: Hyundai Palisade resmi taýdan tanyşdyryldy

16.01.2025 | 09:52 |
 Düýbünden-täze: Hyundai Palisade resmi taýdan tanyşdyryldy

15-nji ýanwarda Günorta Koreýada Hyundai Palisade ulagynyň doly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi we bölek satuwlary başlady.

Täze model 281 at güýjüni öndürýän 2,5 litrlik turbobenzinli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Mundan başga-da, gibrid energiýa ulgamy hödürlenýär, ol hem 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda işlenip taýýarlanylyp, 334 at güýjüni öndürýär. Gibrid 65 kWt/s akkumulýator bilen üpjün edilip, bir zarýad bilen 1000 kilometrden gowrak ýol geçmäge ukyply.

16012025_Hyundai_palisade2.jpg

Ilki bilen, adaty benzinli hereketlendirijili görnüşi satuwa çykarylar, gibrid modeli bolsa şu ýylyň ikinji çärýeginde elýeterli bolar. Benzinli görnüşiniň başlangyç bahasy 30 müň dollardan 39 müň dollara çenli, gibrid modeli bolsa 34 müň dollardan 43,4 müň dollara çenli bahalanýar. Hyundai Palisade-iň häsiýetnamalary, kuwwatlylygy we bahasy ony meşhur modele öwürmäge taýýar edýär. Munuň subutnamasy hökmünde satuwa çykarylan ilkinji gününiň dowamynda ulag üçin 33 müň sargyt alnanlygyny bellemek bolar.

ORIENT

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: