Iň täze habarlar

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabidäki ADIPEC-2024 Bütindünýä energetika sergisine we maslahatyna gatnaşýar

07.11.2024 | 21:10 |
 Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabidäki ADIPEC-2024 Bütindünýä energetika sergisine we maslahatyna gatnaşýar

ADIPEC sergisi (Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference) nebit-gaz pudagynda dünýäniň iň uly meýdançalarynyň biri bolup, her ýylda bütin dünýäniň iri energetika kompaniýalarynyň öňdebaryjy bilermenleriniň, liderleriniň we wekilleriniň on müňlerçesini ýygnaýar. Abu-Dabide 4-7-nji noýabr aralygynda geçirilip, ol derwaýys mowzuklary, şol sanda iň täze nebit-gaz tehnologiýalary, durnukly ösüş, maýa goýum mümkinçilikleri we energetika geçiş meselelerini öz içine alýar. ADIPEC-2024 ählumumy ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we energetika pudagy boýunça strategik hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin möhüm halkara meýdançasy hökmünde ýene bir gezek öz wajyplygyny tassyklady.

Türkmen nebit-gaz pudagy ADIPEC-de öz stendi bilen tanyşdyryp, onda giň gerimli maýa goýum taslamalary we nebit-gaz pudagyndaky gazananlary görkezilip, halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Çäräniň çäklerinde wekiliýetiň agzalary Dragon Oil, ADNOC, Halliburton, Petronas ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler, bu bolsa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmanyň subutnamasydyr. Tehnologiýa alyşmak, maýa goýum mümkinçilikleri we hyzmatdaşlyk taslamalary, şol sanda sebit we halkara energetika başlangyçlaryna gatnaşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň stendi milli medeniýetiň we nyşanlaryň aýratyn böleklerini sazlaşyky utgaşdyrmak bilen, ýurduň baý taryhyny we medeni mirasyny açyp görkezip, häzirki zaman dizaýni bilen tapawutlandy, oňa halkara energetika kompaniýalarynyň wekilleriniň müňlerçesi baryp gördüler. Gelen myhmanlar türkmen nebit-gaz pudagynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary, şeýle hem ýurduň tebigy serişdeleriniň baýlygy we onuň energetika kuwwatlygy baradaky wideo ýazgylaryny tomaşa etmäge mümkinçiligi bardy. Stend interaktiw materiallary, ýataklaryň nusgalaryny we VR-tehnologiýalary öz içine alyp, Türkmenistanyň nebiti we gazy gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça innowasiýalary hem-de taslamalary bilen ýakyn tanyşmaga mümkinçilik döredi. Bu çemeleşme özüne üns çekdi hem-de ýurduň kuwwatlygyna has çuň aralaşmak mümkinçiligini döredip, çärä gatnaşyjyarda oňaýly seslenmelerine eýe boldy.

Türkmen wekiliýeti ADIPEC-2024 maslahatynyň strategik bölümçelerine işjeň gatnaşdy, olarda gazyp alynyşyň ähli tapgyrlaryndaky amallarda kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, daşama we gaýtadan işleme, şeýle hem energetika geçişi goldamakda emeli aňyň orny ýaly möhüm meseleler ara alnyp malshatlaşyldy. Şeýle-de gatnaşyjylar ulagyň we göçmäň geljegine bagyşlanan maslahatlaşmalara gatnaşyp, zyňyndylary dolandyrmak we täze, ekologiýa taýdan arassa çözgütleri üçin infratsrukturany ösdürmek ýaly meselelerine üns berdiler. Işewür maksatnamasynyň çäklerinde wekiliýet nebit-gaz pudagyndaky, esasan hem, durnukly ösüş we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda ýurduň gazananlaryny beýan edýän tanyşdyryşlary geçirdi. Türkmen tebigy gazynyň ählumumy bazarlara eksport etmek taslamalaryna we daşary ýurt maýa goýumlary çekmäge gönükdirilen başlangyçlara aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmen tarapy bilen bilelikdäki taslamalara bolan uly gyzyklanma energetika geçişindäki tendensiýalar bilen düşündirilip, onda alternatiw energetika we energetika güýçleriniň durnkukly ösüşine, şeýle-de tebigy gazyň energiýa geçişindäki ekologiýa taýdan möhüm arassa çeşmesi hökmündäki ornuna ähmiýet berilýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: