Türkmenistanda ilkinji gezek nusgawy gitara boýunça okuw kitaby çapdan çykdy
15.10.2024 | 23:50 |Türkmenistanyň «Türkmen döwlet neşirýat gullugy» tarapyndan çagalar sazçylyk we sungat mekdepleri üçin «Gitara» okuw kitaby neşir edildi. Eziz Diýarymyzda bu okuwçylaryň we çeper höwesjeňleriň arasynda uly meşhurlyk gazanan nusgawy gitara boýunça çap edilen ilkinji okuw kitabydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä ýaň salan Türkmenistan ýurdumyzda ýaş sazandalaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olara dürli hünärler boýunça bilim bermek meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu babatda ýaş sazandalaryň saz çalyş endikleriniň kämilleşmegine oýlanyşykly düzülen okuw kitaplarynyň hem-de okuw meýilnamalarynyň ähmiýeti uludyr.
Gitara hünäri boýunça okuw kitaby Türkmenistanyň çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň okuwçylaryna niýetlenip, onuň esasy maksady ýaş sazandalary nusgawy gitara üçin döredilen saz eserleri bilen tanyşdyrmakdan, şeýle-de olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekden we ýerine ýetirijilik ukybyny ösdürmekden ybaratdyr. Kitap çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň okuw meýilnamasynyň talaplaryna laýyklykda düzülen, ol nusgawy gitaranyň dünýä belli eserlerini, şeýle-de türkmen aýdym-sazlarynyň täzeden işlenen nusgalaryny özünde jemleýär.
Çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerinde gitara hünäri bäş ýylyň dowamynda okadylýar, sapaklaryň dowamynda okuwçylar özleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny ösdürýärler hem-de gitara saz guraly üçin döredilen dünýä meşhur saz repertuary bilen tanyşýarlar. Okuw ýylynyň başynda mugallym her okuwçynyň ukyp-başarnygyny göz öňünde tutup, şoňa görä onuň ýerine ýetirijilik meýilnamasyny düzýär. Okuwyň talabyna laýyklykda, şahsy meýilnamanyň düzüminde 4–5 sany dürli žanrly eserleri hem-de ýüzugra nota okamak eserleri göz öňüne tutulmalydyr. Okuwçylaryň ýetişikleri her çärýekde geçirilýän tehniki we akademiki konsertlerde alnan netijeler hem-de okuw ýylynyň ahyrynda geçirilýän synaglaryň bahalary bilen kesgitlenilýär.
Gitara hünäri boýunça dokuz bapdan düzülen okuw kitabynda gitara üçin döredilen türkmen we dünýä kompozitorlarynyň saz eserlerini hem türkmen halk aýdym-sazlarynyň täzeden işlenen nusgalaryny, şol sanda ansambl düzüminde ýerine ýetirilýän sazlary, şeýle-de gönükmeleri, etýudlary we olaryň ýerine ýetirilmegine degişli usuly görkezmeleri öz içine alýar. Kitap çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlary, okuwçylary, şeýle-de gitara saz guraly bilen gyzyklanýan halk köpçüligi üçin niýetlenendir.
Kitabyň awtorlary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymy Myrat Gurbanow we Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdürliginiň 3-nji Çagalar sazçylyk we sungat mekdebiniň ýaş mugallymy Leýli Nasyrowa.
Kitabyň başynda çirtilip çalynýan saz gurallary maşgalasyna degişli bolan “lýutnýa” ýa-da arap “ud” saz guraly, Merkezi Aziýada meşhur bolan “teorba”, ispan halk saz guraly “weuella” ýaly gitara juda golaý bolup durýan we gitara maşgalasyna degişli bolan saz gurallary barada taryhy maglumatlary berilýär. Şeýle-de, XIX asyryň nusgawy gitara sungatynyň ösmegine uly goşant goşan ispan gitaraçysy Andres Segowiýadyr, Jon Wilýams, Julian Brimm (Beýik Britaniýa), Alirio Dias (Wenesuela), Hose Tomas (Ispaniýa), Kristofer Parkening (ABŞ) ýaly meşhur şahsyýetler barada we olaryň ýoluny ХХ asyrda dowam edýän Moreno Torroba, Pablo Kazals, Hoakin Turina, H. De Manen, A. Russel, M. Kastelnuowo-Tedesko, Gaspar Kassado, Manuel Ponse, Eýtor Willa-Lobos, Herardo Rodriges ýaly meşhur kompozitorlar we gitaraçylar barada maglumatlar berilýär.
Şonuň bilen bilelikde, Türkmenistanda nusgawy gitara sungaty ХХ asyryň ortalarynda ýüze çykmagy bilen bagly maglumatlar öz beýanyny tapýar. Bu babatda doganlar Gurbangeldi hem-de Orazdurdy (Türkmenistanyň at gazanan artisti) Altylyýewleriň Türkmenistanda gitara sungatyny ösdürmekde bitiren işleri juda ulydyr.
Ýurdumyzda gitara sungatyny kämil derejä ýetirmek işi Yslam Babaýewiň paýyna düşýär, ol gitara hünäri boýunça bilimini Moskwanyň sazçylyk uçilişesinde, soňra-da Moskwanyň Gnesinler adyndaky saz akademiýasynda meşhur gitaraçylar A. Iwanow-Kramskoý hem-de A. Frauçi ýaly halypa mugallymlaryň klasynda tälim alýar. Yslam Babaýewiň şägirtleriniň hatarynda Gurbangeldi Altylyýew, Gurtgeldi Orazgeldiýew, Waleriý Prişepa, Tirkeş Pälwanow, Wladimir Popow, Muhammet Çaryýew, Walentin Kurbanow, Çary Koturow ýaly ussat gitaraçylaryň atlaryny belläp bolar. Şonuň bilen baglylykda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Yslam Babaýewiň hatyrasyna her ýyl nusgawy gitara sazlarynyň festiwaly geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň ähli sazçylyk mekdepleriniň ýaş gitaraçy-sazandalary gatnaşyp, gitara eserlerini ýerine ýetirýärler hem-de pikir alyşýarlar.
«Gitara» okuw kitaby «Nusgawy gitaranyň ýerine ýetirijiligine degişli usuly görkezmeler», «Gitara üçin gönükmeler we gammalar», «Kiçi göwrümli saz eserleri», «Etýudlar», «Uly göwrümli eserler», «Polifonik eserler», «Türkmen sazlary», «Ansambllar» atly bölümlerinde ybarat. Awtorlar bu bölümlerde öz işläp düzen gitara saz guralynda ýerine ýetirijilik pozisiýalary boýunça saz guralyň diapazon shemasyny hödürleýärler. Gitara ýerine ýetirijiniň dogry oturmagynyndan başlap, nota sowadyny we gitara ýerine ýetirijilik usullaryny, ştrihlerini we melizmleriň görnüşlerini düşündirýärler. Gitara ýerine ýetirijilik sungaty üçin başlangyç tapgyrda ýönekeý gönükmeleri, bir sesli pýesalary, gammalary we etýudlary hödürlenilýär. Şeýle-de okuw kitabynda türkmen, rus, özbek, azerbeýjan, eston, ukrain, gruzin, gazak we başga halklaryň milli heňleri, şeýle-de milli we daşary ýurt kompozitorlaryň döreden saz eserleri ýerleşdirilipdir. Awtorlaryň türkmen halk heňleri we türkmen kompozitorlaryň döreden saz eserlerini gitara saz guraly üçin täzeden işlemekleri bu okuw kitabyň gymatlygyny has-da artdyrýar.
Okuw kitabyň soňunda awtorlar dünýä belli gitaraçylar we Türkmenistanyň gitaraçylary barada gysga maglumatlar berýärler. Şeýle-de, dürli ýyllarda gitara saz guraly üçin neşir edilen nota ýygyndylaryny hödürleýärler.
Umuman, «Gitara» okuw ktaby bu saz guralynda bilim alýan hünärmenlere we gitara saz guralynda ýerine ýetirijilik sungatyny öwrenmek isleýän çeper höwesjen sazandalary üçin juda peýdaly boljaklygyna ynanýarys.
Agajan AÇYLOW