Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin bilelikdäki brifingi geçirdiler

10.10.2024 | 20:15 |
 Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin bilelikdäki brifingi geçirdiler

Aşgabatda 10-njy oktýabrda Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde bilelikdäki ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Brifingde Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň bar bolan we ileri tutulýan ugurlary hem-de türkmen-gazak dialogynyň konstruktiw häsiýeti barada aýdyp geçdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, syýasatyň, ykdysadyýetiň, medeni-ynsanperwer pudagynyň ähli ugurlary boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan ikitaraplaýyn dialogyň derejesine ýokary baha berildi.

Prezidentler gazak-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen gepleşikleriň netijeleri barada kanagatlanma bilen bellediler.

Ikitaraplaýyn söwda meselelerine aýratyn üns berildi. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde geçen ýylyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasyndaky söwdanyň dolanyşygy 28 % köpelip, ýarym mlrd amerikan dollardan geçdi diýip, Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ýakyn geljekde 1 mlrd amerikan dollara çenli ýetjekdigine ynam bildirdi.

Brifingde bellenilişi ýaly, ileri tutulýan wezipe hökmünde energetika pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi kesgitlenildi. “Gazagystan Türkmenistanyň gaz kondensat ýataklary boýunça taslamalaryna hem-de turba geçiriji infrastrukturasynyň giňeldilmeginde işjeň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar” – diýip, Tokaýew belledi.

Gazagystanyň nebit-gaz kompaniýalary Hazarda nebit hyzmat ediş pudagy boýunça hem türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda gyzyklanma bildirýärler.

10102024-prezidenty-turkmenistana-i-kazahstana-brifing- (2).jpg

Ýurtlaryň çäginde ýük daşalmalaryň möçberi babatda hem durnukly ösüş amala aşyrylýar. Geçen ýylda ýurtlaryň arasyndaky demirýol daşalmalarynyň möçberi 20 % ýokarlanyp, 1,5 mln tonna barabar boldy. Bu babatda “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm bölegini düzýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoluna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan bilen serhet ugry boýunça iki döwletiň arasyndaky ýol infrastrukturasynyň birleşmegi boýunça wezipeler yzygiderli ýerine ýetirilýär.

Gazagystan-Türkmenistan-Owganystan demirýol ugrunyň gurluşygynyň giň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu mowzuk babatda düýpli gepleşikleri alyp barýarlar. Şeýle-de ýakyn geljekde iki ýurduň arasynda yzygiderli howa gatnawynyň dikeldilmeginiň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

Ynsanperwer ugry boýunça taraplar Türkmenistanda Gazagystanyň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar.

Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

ORIENT news

Foto: akorda.kz

Şeýle hem okaň: