Iň täze habarlar

Türkmenistan we Astrahan sebiti derýa we deňiz ulaglary pudagynda hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk eder

23.08.2024 | 11:10 |
 Türkmenistan we Astrahan sebiti derýa we deňiz ulaglary pudagynda hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk eder

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebiti Türkmenistan bilen derýa we deňiz ulaglary pudagynda hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.

Bu mesele Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýarlar agentliginiň wekilleriniň, general-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligiň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşyga Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow we Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda general-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň direktory Olga Kartaşowa Russiýada we Hazar deňziniň basseýnindäki ýurtlarda suw ulaglary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň ylym-bilim mümkinçikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem, bu ýokary okuw mekdebi hereket edýän gämi ekipažynyň agzalaryny, gaýtadan taýýarlamaga we hünär derjesini kämilleşdirmäge ýöriteleşendir.

“Orta hünär we ýokary bilim fakultetlerinde 4 müňe golaý kursant (talyp) bilim alýar, olaryň 500-den gowragy Hazarýaka ýurtlarynyň raýatlary” – diýip direktor belledi. Şeýle hem ol Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň diplomy uçurymlara dünýäniň islendik ýerinde işlemäge mümkinçilik berýändigini nygtady.

Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmekdäki işjeň işini göz öňünde tutup, ýakyn wagtda deňiz we derýa ulaglary pudagyndaky işlejek hünärmenlerine geljekde uly islegiň boljakdygyny belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistandan 1700 töweregi talyp Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinde okaýar. 2023-2024-nji okuw ýylynyň ahyrynda olaryň sany öňki okuw ýyly bilen deňeşdirilende 50% artdy.

ORIENT news

Foto: astrobl.ru

Şeýle hem okaň: