Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleri Ankarada gepleşikleri geçirerler
13.08.2024 | 19:45 |Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz türk kärdeşi Hakan Fidanyň çakylygy boýunça 13-14-nji awgustda Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.
Sişenbe güni Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Hakan Fidan we Raşid Meredow ikitaraplaýyn gatnaşyklary, energetika we aragatnaşyk pudagy boýunça hyzmatdaşlygy, häzirki wagtky halkara we sebit wakalaryny, şeýle-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar.
TRT Russian teleýaýlymynyň habar bermegine laýyklykda, 5 mlrd dollara barabar bolan ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň ýörite görkezijilerini gazanmak ýollaryny, Hazarüsri ulag geçelgelerini netijeli ulanmak, Türkiýe Respublikasyna we Ýewropa türkmen gazynyň geçirilmegi, hem-de sebit we halkara guramalarynyň, esasasan hem, Türki döwletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak göz öňünde tutulan.
Teleýaýlymyň berýän maglumatlarynda bu iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär. 2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Antaliýa diplomatik maslahatyna gatnaşdy. Ol ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy” diýlen hormatly at dakyldy. Şol wagt energetika we awiasiýa pudaklarynda möhüm ylalaşyklara gol çekildi.
2023-nji ýylda ikitaraplaýn söwdanyň mukdary 2,6 mlrd dollara barabar boldy, bu bolsa geçen ýylkydan 26 % köpdür. Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda iş sapary bilen boldy. Ol Aşgabatda Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirip, Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hem kabul edildi. Kabul edilşigiň dowamynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrjak resmi sapary barada hem gürrüň edildi.
ORIENT news