Türkmenistanyň Prezidenti: sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugry – hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüş
09.08.2024 | 18:00 |Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Konsultatiw duşuşygynda eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, parahatçylygy, ylalaşygy, durnuklylygy gorap saklamak Merkezi Aziýa döwletleri üçin esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galmalydyr diýip belledi.
TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, özüniň özboluşlylygyny, özbaşdaklylygyny hem-de içerki we daşarky ösüş nusgalaryny saýlamak hukugynyň gorap saklanylmagy bilen, sebiti güllap ösýän, häzirki zaman ählumumy gatnaşyklaryna çuňňur goşulyşan sebite öwrülmelidgini nygtap, Türkmenistanyň Baştutany diňe şeýle şertlerde döwletlerimiziň we halklarymyzyň özlerine mynasyp geljegi üpjün etjekdiklerine ynam bildirdi.
“Sebitimiziň daşarky täsirlere, hususan-da, gapma-garşylykly ýagdaýlara düşürilmegine, Merkezi Aziýanyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan geosyýasy, ykdysady, medeni giňişlik hökmünde özbaşdaklygyna şübhelenmek üçin esas döretmäge ýol berilmeli däldir. Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar we olar parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlykdyr” – diýip Serdar Berdimuhamedow aýratyn belläp geçdi.
Döwlet Baştutany, ýokary derejedäki bu formatyny döretmek başlangyjyny öňe süren Türkmenistan olaryň diňe maslahat beriş häsiýetine eýe bolmalydygyndan, syýasy gatnaşyklar üçin berk düzgünleşdiriji kadalardan, amallardan azat meýdança bolmalydygyndan ugur alýandgyny belledi.
“Biz birek-birege örän oňat düşünýäris, her bir duşuşygymyz aýdyň mazmunly jemleýji resminama bilen tamamlanýar hem-de biz şonuň esasynda iş alyp barýarys. Syýasy, şeýle-de iş nukdaýnazaryndan, bu formatyň çäklerinde goşmaça düzümleri döretmegiň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys” – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistanyň Baştutany sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ýakyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak barada aýdyp geçdi. Şunda ulag-kommunikasiýalar ulgamyndaky gatnaşyklara esasy orun degişlidir.
Ýewraziýada täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti geografik, logistik we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly sebitimiziň bu işlere öz wagtynda, netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr, diýip belledi.
Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag baglanyşygynyň güýçlendirilmegi ýurtlarymyzyň çäginde döwrebap logistikanyň döredilmegini, kanunlaryň sazlaşdyrylmagyny, özara gümrük, nyrh we beýleki ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar.
Halkara energetika hyzmatdaşlygynda sebit boýunça goňşy ýurtlaryň ösýän orny barada aýtmak bilen, Serdar Berdimuhamedow bar bolan we ýakynda dörediljek täze senagat hem-de oba hojalyk kuwwatlyklaryny, infrastruktura desgalaryny, bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine barha artýan zerurlyklaryny kanagtlandyrmak strategik maksatdygyny belledi.
Hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynyň arasynda söwdanyň giňeldilmegi, senagat taýdan goşulyşmak, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly meseleler kesgitleinildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan Respublikalarynyň Liderlerini şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy – häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
“Köp döwletleriň Baştutanlaryny maslahat gatnaşmaga çagyrmak bilen, biz bu çärä diňe bir Magtymgula sarpa goýmak hökmünde däl-de, giň hem-de özara hormat goýmak esasyndaky örän ähmiýetli we öz wagtynda guralýan halkara dialogy, dünýäniň ykbaly, häzriki döwrüň ählumumy syýasy, durmuş-medeni geoykdysady, ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýagdaýyna, olaryň meýillerine, geljekki mümkinçiliklerine oňyn, döredijilikli çemeleşmeleri hem-de garaýyşlary beýan etmek üçin netijeli forum hökmünde garaýarys” – diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýratyn belläp geçdi.
Şeýle dialogyň wajyplylygyny belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleriniň garaýyşlarynyň şol maslahatda örän düýpli we giňişleýin beýan edilmegine, olaryň diňlenilmegine, şol garaýyşlara düşünilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.
ORIENT news