Iň täze habarlar

Adaty batareýalardan 25% uzak hyzmat edýän we has köp energiýa saklaýan emeli aňly batareýa tanyşdyryldy

10.07.2024 | 10:20 |
 Adaty batareýalardan 25% uzak hyzmat edýän we has köp energiýa saklaýan emeli aňly batareýa tanyşdyryldy

«Eatron Technologies» we «Syntiant» kompaniýalary bilelikdäki taslamasyny – emeli aň esasly akkumulýatory dolandyrmak ulgamyny tanyşdyrdylar. Bu enjamlarda, hojalyk tehnikalarynda, elektromobillerde we ş.m. energiýa saklaýjylary kämilleşdirmek üçin köpugurly moduldyr.

Işläp düzüjileriň bellemeklerine görä, bu ulgamyň peýdalanylmagy batareýanyň ömrüni 25% uzaldýar we kuwwatyny 10% ýokarlandyrýar.

Emeli aň batareýalaryň ýagdaýyny bar bolan ulgamlaryň edip bilmejek takyklygy bilen seljerer. Zarýadyň ýagdaýy we akkumulýatoryň özi barada ýeterlik maglumatyň bolmagy emeli aňyň aňsatlyk bilen seljerme geçirmegine we takyk netijeleri almagyna mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, ulgam batareýany netijeli dolandyryp, enjamdaky ýitgileri we düşýän agramy azaldyp biler.

Täze önüm Ştutgartda geçirilen «The Battery Show Europe 2024» sergisinde tanyşdyryldy.

ORIENT news

Foto: techcult.ru

Şeýle hem okaň: