Iň täze habarlar

2028-nji ýylda Russiýanyň uçarlarynda Wi-Fi peýda bolar

27.05.2024 | 09:06 |
 2028-nji ýylda Russiýanyň uçarlarynda Wi-Fi peýda bolar

2028-nji ýylda Russiýanyň uçarlarynda Wi-Fi peýda bolar. Bu barada RF-iň sanly ösüş ministri Maksut Şadaýew Nižniý Nowgorodda geçýän “Senagat Russiýasynyň sanly senagaty —2024” atly maslahatda aýtdy.

Munuň özi Russiýanyň emeli hemra topary işe girizilenden soňra mümkin bolar. Ýokary ellips orbitasynda ulanmak üçin kosmos aragatnaşyk hemralarynyň birinji toparyny 2026-njy ýylda dörederler, 2030-njy ýyla çenli bolsa pes orbitaly emeli hemralaryň 737-sini işe girizerler.

12 emeli hemranyň binýaýyndaky “Skif” ulgamy 8070 kilometr belentlikdäki orbitadan giň zolakly internete elýeterliligi üpjün eder. “Ekspress-RB” kosmos apparatlaryň 4-si ýokary ellips orbitadan aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün ederler.

Şeýle hem 750 kilometr belentlikdäki pes orbitada 264 emeli hemranyň esasynda “Marafon IoT” ulgamy hereket eder.

Bu toparlaryň ählisi “Sfera” federal taslamasynyň çäklerinde döredilýär.

ORIENT news

Foto: mir24.tv

Şeýle hem okaň: