Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda gurluşyk materiallaryna we nebithimiýa önümlerine isleg bildirildi

25.05.2024 | 08:47 |
 Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda gurluşyk materiallaryna we nebithimiýa önümlerine isleg bildirildi

22-nji maýda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Owganystanyň, Birleşen Arap Emrlikleriniň, Germaniýanyň we Türkiýäniň telekeçileri “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri bilen “B” kysymly karbamidi, “SN-350” kysymly binýatlyk ýagyny, “TS-1” kysymly uçar kerosinini we “KO-20” kysymly yşyklandyryş kerosinini satyn almak barada geleşikler baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden float list aýnasyny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 4 185 000 manat we 23 954 000 dollar bolan 9 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bolar.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: