Iň täze habarlar

Russiýanyň demir ýollarynyň wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawynyň dikeldilmegini goldady

16.04.2024 | 23:07 |
 Russiýanyň demir ýollarynyň wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawynyň dikeldilmegini goldady

Russiýa demir ýollarynyň daşary ýurt taslamalary we halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň başlygynyň orunbasary Lýudmila Renne ozal meşhur bolan Moskwa – Aşgabat demirýol ýolagçy gatnawynyň gaýtadan dikeldilmegini goldady. Bu barada TASS habar berýär.

«Men goldaýaryn» diýip, ol Aşgabatda ilkinji gezek DÝHG agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde žurnalistleriň beren sowalyna jogap berdi. Bu barada Russiýanyň habarlar agentligi habar berýär.

1 (edite).jpg

Şeýle hem Renne çäräniň ýokary guramaçylygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirdi. «Türkmen tarapynyň DÝHG-ä örän işjeň goşulandygyny hem-de şertnamalara we ylalaşyklara gatnaşmakda öňdebaryjy orny eýeleýändigini bellemek isleýärin» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: