Iň täze habarlar

«SpaceX» metanyň zyňyndylaryna garşy göreşmek üçin innowasion emeli hemrasyny uçurdy

05.03.2024 | 14:33 |
 «SpaceX» metanyň zyňyndylaryna garşy göreşmek üçin innowasion emeli hemrasyny uçurdy

4-nji martda «SpaceX» kompaniýasyna degişli bolan «Falcon9» raketasy arkaly innowasion «MethaneSAT» emeli hemrasy üstünlikli uçuryldy.

«MethaneSAT» emeli hemrasynyň uçurylmagy «Google» kompaniýasynyň, Daşky gurşawy goramak gaznasynyň (EDF), Täze Zelandiýanyň Kosmos agentliginiň we Garward uniwersitetiniň bilelikdäki tagallasydyr.

Onuň wezipesi howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ählumumy ýylylygyň depginini haýallatmak üçin kosmosdan nebitgaz pudagynda metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekdir. Emeli hemra maglumaty gaýtadan işlemek we ýüze çykarylan metanyň zyňyndylary barada interaktiw maglumatlary bermek üçin işinde «Google Cloud» ulgamynyň hasaplaýyş mümkinçiliklerini peýdalanar. Interaktiw maglumatlar EDF-niň web saýty we «Google Earth Engine» seljeriş platformasy arkaly berler. Bu bolsa giň köpçülige metan bilen hapalanma garşy göreşde gazanylýan üstünlikleri yzarlamaga we kompaniýalary howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklary çözmek üçin zyňyndylaryny azaltmaga höweslendirer.

Daşky gurşawy goramak gaznasynda bellemeklerine görä, bu taslama geçen ýylyň dekabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky mejlisinde (COP28) metanyň zyňyndylaryny azaltmaga borçly edilen 50 töweregi nebitgaz kompaniýasy üçin örän möhüm ähmiýete eýedir.

Metanyň zyňyndylary parnik täsiri nukdaýnazaryndan çynlakaý mesele bolup durýar, bu gazyň güýji kömürturşy gazynyň ýylylyk kuwwatyndan 80 esse ýokarydyr. Nebitgaz senagaty metan zyňyndylarynyň iň uly çeşmeleriniň biridir, onuň görkezijileri oba hojalygynyňkydan we zibil meýdançalaryndan çykýan zyňyndylardan ýokarydyr.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: